Şu ýyl «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky özüniň esaslyk maýasyny 200 million manada çenli ýetirmegi meýilleşdirýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Bu bank Türkmenistanda esaslandyryş gaznasynyň 100 göterimi ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň gatnaşmagynda döredilen ilkinji açyk görnüşli paýdarlar täjirçilik banky bolup durýar. Ol guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça paýdarlar jemgyýetidir. Paýdarlar jemgyýeti — bu esaslandyryş maýasy paýnamalaryň esaslandyryjylar tarapyndan kesgitlenen sanyna bölünen hojalyk jemgyýeti görnüşindäki edaradyr.
2011-nji ýylda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary esasynda banklaryň iň pes esaslyk maýasyna bildirilýän talaplara laýyklykda döredildi. Şol döwürden bäri bankyň esaslyk maýasy 2013-nji ýylda 20,81 million manada, ýagny 37 göterime çenli, 2015-nji ýylda 30,0 million manada, ýagny 98 göterime çenli, 2016-njy ýylda bolsa 40 million manada, ýagny iki essä golaý ýokarlandyryldy.
2020-nji ýylda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň esaslyk maýasyny 60 million manada çenli ýetirmek maksady bilen, biriniň bahasy bir müň bäş ýüz manada barabar bolan, on üç müňden gowrak ýönekeý atly paýnamanyň 5-nji goýberilişi yglan edildi we bellenen tertipde hasaba alyndy. Çykarylan paýnamalaryň bir bölegi bankyň häzirki paýdarlarynyň arasynda ýerlenildi, paýnamalaryň ýerlenilmedik bölegi bolsa «Aşgabat Gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guraýan söwdalaryna çykarylyp ýerlenildi. Netijede, bankyň esaslyk maýasy dördünji gezek köpelip, 60 million manada ýetirildi.