SPORT

Sambo boýunça dünýä çempionaty Aşgabatdan ozal Daşkentde geçiriler

Indiki ýyl Aşgabat şäherinde geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatynyň 2021-nji ýyldaky salgysy hem belli boldy. Dünýä çempionaty şu ýyl goňşularymyzda ― Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler.

Bu baradaky Karara Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) Ýerine ýetiriji komitetiniň 24-nji martda Moskwa şäherinde geçirilen mejlisinde gelindi.

Aslynda, şu ýylky çempionat Moskwada geçirilmelidi. Ýöne 2020-nji ýylyň dekabrynda Sport Arbitraž kazyýeti Russiýa iki ýyllap Dünýä çempionatlaryny, Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny geçirmegi gadagan etdi.

Daşkentdäki dünýä çempionaty 11 ― 15-nji noýabry aralygynda geçiriler. Şeýlelikde, Özbegistan şu ýyl sambo boýunça iri ýaryşlaryň ikisini kabul eder. Iýun aýynda ýurduň paýtagtynda sportuň bu görnüşi boýunça Aziýa çempionaty hem geçiriler.

Aziýanyň Sambo bileleşiginiň ýolbaşçysy Alamjon Mullaýewiň sözlerine görä, Daşkentde geçiriljek dünýä çempionatynyň Guramaçylyk komiteti ýaryşa gatnaşyjylaryň hemmesine wiza goldawyny berer.

 

Habibiň dogany Abubakar ýeňiş gazandy

 

 

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ýamal duşuşar

Türkmenistanly zenan emin halkara ýaryşynyň finalynda eminlik etdi

“PSŽ” topary Yklymara kubogyny gazandy