SPORT

Sambo boýunça Aziýa çempionaty Daşkentde geçiriler

Sambo boýunça Aziýa çempionaty Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriler. Bu barada Özbegistanyň Bedenterbiýe we sport ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Ministrligiň resmi saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, bu ugurdaky karar Aziýanyň Sambo boýunça assosisiýasynyň onlaýn tertipde geçirilen mejlisinde karar kabul edildi.

– Adatça, bu ýaryşy Indoneziýada geçirmek göz öňünde tutulypdy. Ýöne kenarýaka oýunlaryny hem geçirmek bilen baglanyşykly sambo ýaryşyny başga ýurtda geçirmek meýilleşdirildi. Özbegistanyň Sambo Assosiasiýasynyň ýüztutmasy biragyzdan kabul -edildi – diýlip bellenildi.

Ýaryşy iýun aýynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtda bu ýaryş bilen bir hatarda Aziýanyň Sambo Assosiasiýasynyň kongresini hem-de maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Laporta täzeden “Barselonanyň” prezidentligine saýlandy

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar