JEMGYÝET

Türkmen gelin-gyzlaryň saýty hereket edip başlady:Turkmengazet.com

8-nji mart — Halkara zenanlar gününe sowgat hökmünde Türkmen gelin-gyzlaryň saýty-www.turkmengazet.com saýty hereket edip başlady. Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde Türkmen dilinde maglumatlary paýlaşýan websaýtlaryň açylmagy bilen türkmen okyjylary ähli maglumatlary öz ene dillerinde okap bilýärler. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty bolup, ähli açylan saýtlar barada şol saýt tarapyndan bize maglumat gelen ýagdaýynda okyjylarymyza habar berýäris. Bu gezek bolsa Size täze açylan www.turkmengazet.com   web sahypasy barada habar berýäris.  Bu saýt ýurdumyzda gelin-gyzlaryň gyzyklanýan ähli temalaryna degişli maglumatlary özünde jemleýän websaýtlaryň ilkinjileriniň biridir.

Okyjylaryň isleginiň köpdürliligini göz öňünde tutup  täze saýtda Habarlar, Trend we Gözellik, Žurnalistiň sahypasy, Reportaž, Göwün küýsegi, Tagam taýýarlamak bölümleri hereket edip, diňe bir aýal-gyzlar üçin däl-de, ähli kişi üçin, dürli ýaşdaky okyjylara niýetlenen makalalar yzygiderli ýerleşdirilip durulmak meýilleşdirilýär.

Täze saýtda ýurdumyzyň saýrak bilbili, zenan dünýäsiniň waspçysy Mähri Pirgulyýewa, Türkmen milli lybaslary esasynda paýtagtymyzda ajaýyp bir ojak guran, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň sahypalaryna mynasyp orun alan Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha Kakaýewa we sport äleminde meşhurlyga eýe bolan Ýulduz Jumabaýewa bilen söhbetdeşligi okap bilersiňiz!

Göwher Hajymyradowa: Aýdymly dünýäniň bilbili

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi