SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Slowakiýa “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

Slowakiýa dünýäde 39-njy, Ýewropa Bileleşiginde 2-nji ýurt hökmünde Russiýada koronawirus pandemiýasyna garşy işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymyny tassyklan ýurt boldy. Bu barada Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy hem habar berýär.

Slowakiýanyň Premýer-ministri Igor Matowiç “Sputnik V” sanjymynyň ýurtda amala aşyrylýan sanjym işleriniň depginini  40 göterim ýokarlandyrjakdygyny aýtdy. Bu sanjym bilen sanjym etmek meýletin bolar. Slowakiýanyň köp sanly ýaşaýjysynyň “Sputnik V” sanjym etmek isleýändigini mälim edipdir.

Rus sanjymynyň ilkinji tapgyry Slowakiýa iberildi. Ýewropa Bileleşiginde Slowakiýa bilen bir hatarda Wengriýa hem bu sanjymy bellige alyndy.

***

HYTAÝ ILATYNYŇ 40 GÖTERIMINE SANJYM EDER

Hytaý Halk Respublikasy şu ýylyň iýun aýyna çenli ilatynyň 40 göterimini koronawirus pandemiýasyna garşy sanjym etmegi meýilleşdirýär. Hytaýyň Milli saglygy goraýyş komissiýasyna degişli lukman Çžun Nanşan bu barada belläp geçdi.

Bruking instituty bilen Sinhua uniwersitetiniň gurnan forumynda çykyş eden hytaýly lukman iýun aýyna çenli ilatyň 40 göterimine sanjym etmegi meýilleşdirilýändigini we munuň üçin ýeterlik derejede sanjymyň bardygyny belledi.

Bu ýokançylygyň ýaýramagynyň öňüni almakda hem-de oňa gözegçilik etmekde Hytaýyň örän oňatdygyny, ýöne sanjym derejesiniň beýleki ýurtlara garanyňda pesdigini mälim eden hytaýly lukman 1,4 milliard ilatyň diňe 3,56 göterimine sanjym edilendigini aýtdy.

 

“Türkmenhowaýollary”: halkara uçar gatnawlarynda täze möhlet

 

 

 

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy