Eýranyň Razi instituty tarapyndan işlenip taýýarlanan ilkinji koronawirus ýokanjyna garşy “Razi Covo-Pars” sanjymy köpçülige tanyşdyryldy. Eýranyň metbugatynyň habar bermegine görä, bu sanjym institutyň lukmanlary, weterinar lukmanlary we farmasewtika ulgamynda zähmet çekýän lukmanlarynyň gatnaşmagynda taýýarlandy.
Eýranyň öndüren sanjymynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hem-de Azyk we derman serişdelerini dolandyryş gullugynyň (FDA) görkezmelerine doly laýyk gelýändigi mälim edildi.
Eýranyň Razi instituty ýurduň iň iri hem-de baýry ylmy merkezleriniň biridir. 1925-nji ýylda esaslandyrylan bu institut tarapyndan iri şahly mallaryň gyrgynçylyga garşy sanjym öndürmek bilen hem adygypdy.
ÝURTDA KÖPÇÜLIKLEÝIN SANJYMA BAŞLANDY
Şol bir wagtda Eýranda köpçülikleýin sanjym etmek işine girişildi. Paýtagt Tährandaky Imam Homeýni hassahanasynda ýurduň saglygy goraýyş ministri Said Namakiniň gatnaşmagynda ilkinji sanjymlar edildi.
Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny alan ilkinji raýat saglygy goraýyş ministriniň ogly boldy. Saglygy goraýyş ministriniň aýtmagyna görä, ilkinji tapgyrda reanimasiýa bölümleriniň lukmanlary sanjymy alarlar. Sanjymlar mugt ediler.
Mälim bolşy ýaly, 4-nji fewralda Tährana “Sputnik V” sanjymynyň ilkinji tapgyry getirilipdi. Şeýle hem 4,2 million doza möçberinde “AstraZeneca” sanjymyna garaşylýar. Şeýle hem Eýran Hytaýdan we Hindistandan koronawirus ýokanjyna garşy sanjymlary satyn almagy meýilleşdirýär.
Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!