SPORT

Messi bilen gyzyklanmagy dowam etdirýär

Ispaniýanyň “Barselona” futbol toparynyň kapitany Lionel Messi ýene-de “Mançester Siti” toparyny gyzyklandyrýar. Angliýanyň “Premýer-liga” çempionatynyň topary argentinaly ýyldyz futbolçysy bilen ýazda gepleşiklere başlamak isleýär diýip, “Sport-Ekspress” metbugat gullugy habar berýär.

Messiniň häzirki wagtda çykyş edýän topary bilen baglaşan şertnamasy 2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar. “FIFA” guramasynyň kadalaryna görä, her bir oýunçy şertnamasynyň tamamlanmagyna 6 aý galanda, oýunçy resmi taýdan täze topar gözläp bilýär.

Ýanwar aýynyň ahyrynda “El Mundo Deportivo” neşirinde hüjümçiniň 2017-nji ýylda gol çeken 555 million ýewro şertnamasy barada maglumat çap edilipdir. Muňa haýran galan Messi, “Barselona” toparyny gutarnykly terk etmegi ýüregine düwdi. 33 ýaşly Lionel Messi 2020/2021-nji möwsüminde ähli futbol çempionatlarynda 26 duşuşyga çykyp, 7 gezek ýardam pasyny we 17 gezek gol geçirmegi başardy.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

Related posts

Marokko Niderlandlary ýeňip, 1/8 finala çykdy

Rimlileriň 61 ýyldan soňra gazanan ilkinji kubogy

Kuraş sporty Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşuldy

Ata Watan Eserleri