SPORT

Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramak

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary  B.Mätiýewiň Halkara welosipedçiler birleşiginiň Prezidenti Dawid Lappartien bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar önjeýli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bolan ikitaraplaýyn özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler. Bu ugurda 2021-nji ýylda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramagyň we geçirmegiň mümkinçiliklerine hem seredildi.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Halkara welosipedçiler birleşigi Dawid Lappartieniň baştutanlygynda Aşgabada dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny berdi. Bu saýlaw türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginde zerur bolan enjamlar we howpsuzlyk ulgamy bilen üpjün edilen iň döwrebap welotrekleriň biriniň hereket edýändigi bilen şertlendirilendir.

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder