SPORT

Messi kararyny möwsümiň ahyrynda bermekçi

Häzirki wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messiniň dürli toparlara transfer boljakdygy barada köp sanly habarlar ýaýradylýar.

“Goal.com” internet saýtynyň habaryna görä, Lionel Messiniň entek özüniň geljegi barada belli bir karara gelmändigi mälim edildi. Argentinaly dünýä belli hüjümçiniň Fransiýanyň “PSŽ”, Angliýanyň “Mançester Siti” ýa-da islendik beýleki toparlar bilen gepleşikler geçirmändigi bellenildi.

Messiniň möwsümiň tamamlanýandygyna garaşyp, şondan soňra “Barselona” topary bilen şertnamasyny uzaldyp-uzaltmazlyk barada belli bir karara geljekdigi aýdyldy.

33 ýaşly hüjümçi metbugat sahypalarynda özi baradaky çap edilýän yzygiderli myş-myşlardan ýadandygy we şonuň üçin möwsümiň ahyrynda öz kararyny mälim etjekdigi beýan etdi.

Messiniň dünýäniň iň ökde futbolçylarynyň biri bolmagyna uly goşant goşan “Barselona” topary bilen şertnamasy şu ýylyň tomsunda tamamlanýar. Bu ýagdaý futbolça häzirden Ispaniýadan başga ýurtlaryň toparlary bilen gepleşik geçirmäge mümkinçilik berýändigine garamazdan, argentinaly futbolçy gepleşikler geçirmekden boýun gaçyrdy. Onuň ykbaly möwsümiň ahyrynda belli bolar.

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri