JEMGYÝET

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda iri maýa goýum şertnamalaryna gol çekildi

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyndaky Abu Dabiniň Ösüş Gaznasynyň arasynda üç sany uly şertnama gol çekildi. Bu barada “orient.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

  • Birinji şertnama – Türkmenistan hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasynyň (ADFD) arasyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek ähtnamasydyr. Ol hem maýasy 100 million ABŞ dollary bolan maýa goýum kompaniýasynyň bilelikde döredilmegine degişlidir. Birinji tapgyrda taraplaryň hersi 8 million dollar maýa goýmak babatda ylalaşdylar.
  • Ikinji ähtnama – şol bir derejede Türkmenistandaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Munuň netijesinde Jebelde (Balkan welaýatynda) sagatda 100 ýolagçy kabul etmäge mümkinçiligi we bahasy 75 million dollar bolan howa menzili we bahasy 25 million dollara deň bolan alternatiw energiýa taslamasynyň maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.
  • Üçünji resminama – Türkmenistanda senagat taslamalaryny maliýeleşdirmek baradadyr. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasy tarapyndan gol çekildi. Poliwinil asetaty (175 million ABŞ dollary) we NPK dökünlerini (18 million ABŞ dollary) öndürmek üçin gaz-himiýa toplumynyň gurluşygy barada gürrüň gidýär.

Geçirilen gepleşiklerde taraplar bu taslamalaryň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin ähmiýeti, sebitleýin integrasiýa we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Gaznanyň strategiki ugruna laýyklygy barada pikir alyşdylar.

Gol çekilen resminamalarda görkezilen taslamalaryň umumy möçberi 393 million ABŞ dollaryna deň boldy. Möhüm resminamalar Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň baş müdiri Muhammet Saif Al Suwaidi tarapyndan gol çekildi.

***

BAE-nyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Şeýh Abdullah bin Zaýed Al Nahaýýan türkmen wekiliýeti kabul etdi. Bu barada BAE-niň metbugat gulluklary habar berýär.

Ministrligiň Abu-Dabidäki baş edarasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ykdysadyýet, medeniýet, oba hojalygy we saglygy goraýyş ýaly birnäçe ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary, şeýle hem COVID-19-yň netijelerine garşy göreş barada pikir alyşdylar.

Şeýh Abdullah bin Zaýed Al Nahaýýan iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň erk-isleginiň esasynda BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalanýandygyny belledi.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri