MEDENIÝET

Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden belleniler

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyryň täze ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly medeni çäreleri geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hasabat berildi.
Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriň birinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy mynasybetli, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde, daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda onlaýn tertipde birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda şahyrlaryň, terjimeçileriň, ylmy işgärleriň gatnaşmagynda çeper okaýyşlary, ylmy maslahatlary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Bu dabaralardan taýýarlanylan wideogörnüşler Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guraljak dabaralarda görkeziler.
Hormatly Prezidentimiz  hasabaty diňläp, türkmeniň beýik akyldar şahyrynyň hormatyna guralýan çäreleriň, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda belleniljek Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň aýratyn ähmiýetli bolmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, şeýle hem dürli ýurtlarda onuň ýadygärlikleriniň dikeldilmeginiň dünýäniň dürli halklarynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiline goýýan hormatynyň we onuň baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny nygtady. Beýik şahyryň umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgeleri wasp edýän pelsepewi eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. intellectus.lt Korepetitoriai – Lietuvių kalbos, matematikos, istorijos, biologijos, fizikos, chemijos, geografijos, anglų ir ispanų kalbos kursai, dienos stovyklos vaikams Vilniuje, Kaune, Klaipėdoje
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda çäreleriň geçirilmeginiň Magtymgulynyň bahasyz edebi we pelsepewi mirasynyň giňden wagyz edilmegine we umuman, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşanda öwrüljekdigini belläp, wise-premýere bu çäreleri hem-de şanly seneleriň hormatyna guraljak beýleki dabaralary ýokary derejede geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy