SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý rugsat berdi: BSGG-niň wekilleri Uhana geler

Koronowirusyň gelip çykyşyny öwrenmäge berkidilen halkara bilermenleriň topary Hytaýyň Uhan şäherine gelerler. 

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň mälim edişi ýaly, Hytaý hökümeti 11-nji ýanwar güni halkara bilermenleriň ýurda girmegine rugsat berdi. Alymlar 14-nji ýanwarda Hytaýa gelerler we iki hepdelik karantinden soňra öz işlerine girişerler.

Aslynda, BSGG bilen Hytaýyň arasynda bu mesele birnäçe aýdan bäri çözgüdine gowuşman gelýärdi. 5-nji ýanwar güni BSGG halkara bilermenleriň koronowirusyň gelip çykyşyny öwrenmek üçin Hytaýda saparda bolmakçydygyny resmi ýagdaýda bildirdi. Hytaý bolsa taýýarlyk işlerini geçirmek üçin bu sapary biraz gijikdirdi.

Täze koronowirusyň ilkinji gezek 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Hytaýyň Uhan şäherinde bellige alnandygyny ýatladýarys. Häzir Ýer ýüzünde bu keseliň infeksiýasyna uçranlaryň sany 91 million adamdan geçdi.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy