SIZDEN GELENLER

Onlaýn okuw sapagy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynda medeni diplomatiýanyň orny” atly temasy boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi.

Oňa Fransuz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Izabel Ginel hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Sapagyň dowamynda hanym ilçi Diýarymyzda  hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen, şol sanda Fransiýa Respublikasy bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek,  häzirki we geljekki nesilleri milli buýsanç, ýokary ynsanperwerlik ruhunda  terbiýelemek maksady bilen dürli medeni çäreler, şol sanda maslahatlar, döredijilik duşuşyklar, sergileri we bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar we beýleki çäreleriň geçirilmegine aýratyn üns berýändigini nygtamak bilen, ýurdumyzyň alyp barýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ösüşi we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem, hormatly ilçi dil bilen baglanyşykly, döwletiň medeniýetini we sungatyny içgin gyzyklanýanlaryň ilki bilen şol döwletiň dilini öwrenmegiň  ähmiýetiniň uludygy barada täsirli çykyş etdi. Munuň bilen birlikde talyplar hanym ilçä gyzyklanma döreden temasy boýunça sorag-jogap alyşmak arkaly dil bilimlerini kämilleşdirdiler.

Okuwyň ahyrynda gatnaşyjylar türkmen medeniýetini dünýä ýaýmaga, ony içgin öwrenmäge döredilýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýtdylar.

 

 

                                                                            Jahan Öräýewa,   

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby    

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk