BIZNES

«Oba hojalygy XXI asyryň başyndaky Internete çalymdaş»

«…sebäbi, häzir dünýäniň oba hojalyk pudagy uly özgertmeleri başdan geçirýär. Pudaga döwrebap tehnologiýalaryň barha giň aralaşmagy bilen, öňde has uly derejelere ýetip boljakdygyny aýdyp bilerin».

Bu sözler Hytaýyň meşhur «Alibaba» Internet söwda zynjyryny esslandyryjy işewür Jek Ma degişli. Häzir ol pomidor önümçiligini tehnologik gurluşlaryň kömegi bilen has kämilleşdirmek bilen gyzyklanýar diýip, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýazylýar.

Munuň üçin ol ýakynda Hytaýyň Şandun welaýatynda işleýän döwrebap ýyladyşhanalaryň birine baryp gördi. Häzir ýyladyşhanalarda ýylylygy, ýagtylygy sazlamak, suwa we howanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek ýaly işlerden daşary hem tohum saýlamak, nahal ösdürip-ýetişdirmek, ekmek, zyýankeşlere garşy göreşmek, hasyl ýygnamak, gaplamak ýaly işler hem tehnologiýanyň kömegi bilen awtomatik ýagdaýda alnyp barylýar.

«Alibaba» kompaniýasy ekinleriň ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirilýän islendik görnüşi boýunça işleri doly awtomatlaşdyrmagyň tarapdary. Munuň üçin kompaniýa fermerleri we işewürleri goldamaga taýýar.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri

Türkmen-horwat işewürlik forumy geçiriler

Wengriýa türkmen gazyny satyn almak bilen gyzyklanýar

Hytaý kagyz demir ýol biletlerinden ýüz öwürdi

Astrahan – Türkmenbaşy göni howa gatnawy mümkinçiligine garaldy