SPORT

Ronaldo: şu möwsüm karýeramdaky soňky möwsüm bolup biler

“Altyn pökgi” baýragynyň bäş gezek eýesi, portugaliýaly Kristiano Ronaldo 2026/27-nji möwsüminiň öz futbol karýerasynda iň soňky möwsümi bolup biljekdigini beýan etdi.

Ronaldo 41 ýaşynda. Ol 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” klubynda çykyş edýär.

“Ähtimal, bu meniň futboldaky iň soňky ýylym bolar we men özümden soň uly miras galdyrmak isleýärin. Karýeramy tamamlanymdan soň näme bilen meşgullanjakdygymy eýýäm bilýärin. Meniň şeýle bir köp meýilnamalarym bar welin, olardan birini saýlap almak kyn. Futbol bilen hoşlaşanymdan soň köp boş wagtym bolar, şonuň üçin ony dürli işler bilen doldurmaly bolar. Köpräk dynç almak, syýahat etmek, özüm üçin örän gyzykly bolan padel oýnuny synlamak hem-de oýnamak we ýöne bir gazanan zatlarymdan lezzet almak isleýärin. Biz nähili zatlara ýetdik! Doly 25 ýyllyk karýera bar” — diýip, Ronaldo “Vogue” žurnalyna beren söhbetdeşliginde aytdy.

Ronaldo sişenbe güni Jorjina Rodriges bilen durmuş toýuny tutdy. Olar 2016-njy ýyldan bäri bilelikde ýaşaýarlar. Olaryň iki sanygyzy bar. Şeýle hem olar ýene-de üç çagany terbiýeleýärler.

Related posts

Türkmen türgenleriniň GDA-nyň oýunlaryna gatnaşmagy maslahatlaşyldy

Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy

“PSŽ” topary UEFA-nyň Superkubogyny gazandy