JEMGYÝET

Şaý-seplerde nähili mikroblaryň döreýändigini bilýäňizmi?

Ulanylan şaý-sepler we sagatlar boýunça “Est1897” kompaniýasy, adamlarda ulanylýan şaý-sepleriň arassalygy barada gözleg geçirdi. Gözleg üçin adamlaryň bir hepde bäri geýen düýbünden arassa sagatlaryny, ýüzüklerini we gulakhalkalaryny aldylar. Şondan soň laboratoriýada mikroblaryň, bakteriýalaryň  we beýleki hapalaýjy maddalaryň bardygyny barladylar. Bir hepdäniň içinde iň hapa şaý-sep “ýüzük” bolup çykdy. Onuň üstünde  504 sany bakteriýa tapyldy, üstesine-de deriniň gyjyndyrylmagyna we gabygynyň döremegine sebäp bolup biljek bakteriýalar hem tapyldy. Ikinji ýerde hapa şaý-sepleriň arasynda “goşar sagat” boldy. Dört görnüşli köp sanly bakteriýa tapyldy. Esasanam demir gaýyşly sagatlarda köp bakteriýalar duş gelindi. Şaý-sepleriň hapalanmak boýunça “gulak halkalar” üçünji orunda ýerleşdi, onda 485 sany bakteriýa tapyldy.

Şonuň bilen adamlar dakynýan şaý-seplerini, öz sagdynlygy üçin wagtly-wagtyna arassalap durmak maslahat berilýär.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty işe girizildi

Tramp Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Roseniýor «Çelsiniň» baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Las-Wegasda “CES 2026” başlady: “Atavatan Media” 30-dan gowrak ýörite söhbetdeşlik geçirdi

Ata Watan Eserleri