JEMGYÝET

Ukrainadaky türkmen raýatlary getirildi

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýörite uçary bilen 200-den gowrak türkmen raýaty Ukrainadan getirildi. «Boeing 777-200LR» uçary Kiýew ― Türkmenabat aralygynda ýörite uçuşy amala aşyrdy.

Ýurdumyza getirilenleriň aglabasy dostlukly döwletde bilim alýan ýa-da alan ýaşlardyr. Deslapky maglumatlara görä, Ukrainada türkmenistanlylaryň 4 müňden gowragy ýokary bilim alýar. Bu netije bilen Türkmenistan Ukrainadaky talyplarynyň sany boýunça ilkinji 10-luga girýär.

Ýakynda Azerbaýjan bilen Gazagystanda, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginden hem raýatlarymyzy getirmek meýilleşdirilýär.

“Türk howaýollary”: Aşgabat gatnawy üçin täze möhlet

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada german işewürleri bilen duşuşdy