DÜNÝÄ

Eýranda Prezident saýlawlary

Eýran Yslam Respublikasynda nobatdaky Prezident saýlawlary 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda geçiriler. Bu barada ýurduň içeri işler ministriniň orunbasary Jamal Orf mälim etdi. Şeýle hem bu barada habarlar ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem bellenilip geçilýär.

Eýranyň Konstitusiýasyny goraýjylar geňeşi  bilen razylaşandan soň, 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda saýlaw geçirmek kararyna gelindi diýip, ISNA gullugy habar berýär. Şeýle hem Jamal Orf prezident saýlaw işini 2021-nji ýylyň fewral-mart aýlaryna meýilleşdirilendigini aýtdy.

Häzirki wagtda ýurduň prezidenti Hasan Ruhaniniň prezident wezipesindäki ikinji möhleti dowam edýär. Prezident Ruhani ilkinji gezek 2013-nji ýylda döwlet baştutanlygyna saýlandy, 4 ýyldan soňra bolsa ikinji möhletine saýlandy. Şeýlelikde, häzirki prezident 2013-nji ýyldan bäri ýurduň Baştutany wezipesinde işläp gelýär.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy