SPORT

Çempionlar ligasy we Ýewropa ligasy başlaýar

Ählimiziň bilşimiz ýaly, eýýäm dürli ýurtlaryň çempionatlary tamamlanyp, çempionlar hem yglan edildi. Ýöne çempionatlaryň arasynda iň abraýly ýaryşlaryň hasaplanylýan Ýewropa ligasy we Çempionlar ligasy doly tamamlanmady. Ýurdumyzyň futbol janköýerleri üçin şu hepde has hem gyzykly bolup biler, sebäbi futbol janköýerler üçin sabyrsyzlyk bilen garaşylan Ýewro kubok ýaryşlary ýetip geldi.

Awgust aýynyň 5-6-sy aralygy Ýewropa ligasynyň 1/8 ýarym final tapgyrynyň jogap duşuşyklary geçiriler. Diňe “Inter-Getafe” we “Sewilya-Roma” toparlarynyň arasynda ilkinji duşuşyklar geçiriler.

Awgust aýynyň 5-ne geçiriljek oýunlar:

“Kopengagen-Istanbul Başakşehir” sagat 21:55 (Birinji oýun 0:1).

“Şahtýor-Wolfsburg” sagat 21:55 (Birinji oýun 2:1).

“Inter-Getafe” sagat 00:00.

“Mançester Ýunaýted-LASK” sagat 00:00 (Birinji oýun 5:0).

 

Awgust aýynyň 6-na geçiriljek oýunlar:

“Baýer Lewerkuzen-Reýnjers” sagat 21:55 (Birinji oýun 3:1).

“Sewilýa-Roma” sagat 21:55.

“Wulwerhempton-Olimpiakos” sagat 00:00 (Birinji oýun 1:1).

“Bazel-Aýntraht” sagat 00:00 (Birinji oýun 3:0).

 

Awgust aýynyň 7-8-i aralygy Çempionlar ligasynyň 1/8 ýarym final tapgyrynyň jogap duşuşyklary geçiriler.

Awgust aýynyň 7-ne geçiriljek oýunlar:

“Ýuwentus-Lion” sagat 00:00 (Birinji oýun 0:1).

“Mançester Siti –Real Madrid” sagat 00:00 (Birinji oýun 2:1).

Awgust aýynyň 8-ne geçiriljek oýunlar:

“Barselona-Napoli” sagat 00:00 (Birinji oýun 1:1).

“Bawariýa-Çelsi” sagat 00:00 (Birinji oýun 3:0).

Çempionlar ligasynyň 1/4 ýarym final tapgyryna: “Atalanta”, “PSŽ”, “RB Leýpsig” we “Atletiko Madrid” toparlary gatnaşmaga hukuk gazanandyklaryny bellemeli.

 

Ýene-de okaň

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri