DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry agajy

Türkiýäniň Zonguldak welaýatynyň çägindäki dünýäniň iň garry agajy 4117 ýaşyny belledi. Munuň üçin ýörite tort taýýarlanyp, oňa agajyň ýaşy bellenilip geçildi. Welaýatyň Gümeli etrapçasynyň häkimi Ahmet Saýdam her ýylyň iýul aýynda tis agajynyň täze ýaşyny gutlaýandyklaryny mälim etdi.

Zonguldagyň Alaply etrabynyň çäklerinde 2008-nji ýylda 1991 we 1168 ýaş aralygynda 2 sany tis agajy hem-de 300-500 ýaş aralygynda köp sanly tis agaçlaryna gabat gelnendigi mälim edildi.

2016-njy ýylda Karadeniz tehniki uniwersiteti tarapyndan amala aşyrylan ylmy-barlaglara görä, dünýäniň iň garry tis agajy mälim edildi. Ol hem Gümeli etrapaçasyndaky beýikli 25,5 metr, diametri 7 metrden gowrak bolan tis agajy dünýäniň iň garry 5 agajynyň biri hökmünde kabul edildi.

Üstümizdäki ýylda hem bu agajyň 4117-nji doglan güni bellenilip, munuň üçin ýörite tort taýýarlanyp, ol hem hödür-kerem edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary