SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda hyzmat we iýmit kärhanalarynyň işi çäklendirilýär

Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin birnäçe täze çäklendirmeler girizilýär. Hususan-da, köp adamly ýerlerde indi 2 metr howpsuz aralygy saklamak göz öňünde tutulýar. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

2020-nji ýylyň 21-nji iýulyndan 1-nji awgustyna çenli iri söwda merkezleri we bazarlar sanitariýa we dezinfeksiýa işleri sebäpli wagtlaýynça ýapylýar. Azyk we sarp ediş harytlary bölümleri bu söwda kärhanalarynda işini dowam etdirer.

Şeýle hem bu döwürde edaralar we hyzmat kärhanalary ýapylar: kinoteatrlar, teatrlar, seýilgähler, oýun attraksionlary, muzeýler, gözellik salonlary, dellekhanalar, hammamlar, gury arassalaýjylar we tikinçilik atlýeleri. Sport desgalary (basseýnler, fitnes we aerobika klublary), gysga möhletli tölegli kurslar we oýun merkezleri wagtlaýyn ýapylar.

Sişenbe gününden şu aýyň ahyryna çenli jemgyýetçilik iýmit kärhanalary – restoran, kafe, bar, naharhana we çaýhanalar işlemeýär. Şol bir wagtyň özünde jemgyýetçilik iýmit kärhanalary sargyt edilen tagamlary ilata eltip bilerler.

Ministrliklere, edara-kärhanalara, eýeçiligiň görnüşine garamazdan beýleki kärhanalara işgärlerini tapgyrma-tapgyr zähmet rugsadyna ibermek maslahat berilýär.

Şeýlelik bilen, Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almak üçin meýilleşdirilen çäreleri dowam etdirýär. Ondan ozal ýurduň serhetýaka etraplara we şäherçelere dezinfeksiýa etmek maksady bilen kiçi uçarlary ulanyp, dermanlaryň sepilendigini ýatladýarys. Şeýle hem raýatlara agyz-burun örtüklerini dakynmagy maslahat berlip, ilatyň saglygyny goramak üçin beýleki yzygiderli çäreler görüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy