SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ-da “Johnson & Johnson” sanjymy bellige alyndy

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi ABŞ-nyň “Johnson & Johnson” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen koronawirus sanjymynyň ulanylmagyny tassyklady. Bu ABŞ-nyň çäklerinde gyssakly ýagdaýda ulanylmagyna rugsat berlen üçünji sanjym boldy. bu sanjymyň beýlekilerdne tapawudy diňe bir dozasyny sanjym etmegiň ýeterlik boljakdygy bilen baglanyşyklydyr.

Milli saglygy goraýyş institutynyň müdiri Frensis Kollins: “Bu ýagdaýda sanjymlary guramak has aňsat. Esasy zat, teklip edilýän sanjymlaryň täsirli bolmagydyr. Olaryň hemmesi gaty gowy. Mümkin boldugyça köp adama sanjym etmek zerurlugy bardyr” diýip belledi.

Synaglaryň üçünji tapgyrynda “Johnson & Johnson” kompaniýasynyň sanjymynyň 85% -e çenli netijeliligi anyklandy. Bu sanjymy 18 ýaşdan uly adamlara sanjym etmek maslahat berildi.

Häzirki wagtda 46 million amerikaly “Moderna” we “Pfizer” kompaniýalarynyň işläp düzen sanjymlarynyň birinji dozasyny aldy. 22 milliony bolsa immunitetiň döremegi üçin zerur hasap edilýän ikinji dozanyň hem sanjymyny etdirdi.

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

Ýene-de okaň

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy