SPORT

Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişine başlanar

25-nji martda Tokio şäheirnde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişine başlanar Ol Fukusima prefekturasyndaky futbol meýdançasyndan badalga alar.

Tokionyň Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň habar bermegine görä, alawyň ýörişiniň tertibinde we geçýän ýolunda üýtgeşiklikler bolmady.

23-nji iýul-8-nji awgust aralygynda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň alawy Ýaponiýanyň ähli prefekturasyndan, ýagny 47 prefekturasyndan geçer. Ol 121 gün dowam eder. Guramaçylar koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin howpsuzlyk çäreleriniň görüljekdigine ynandyrdylar. Mysal üçin, alawy göterijiniň ýanyndaky adamlaryň hem-de  ulaglaryň sany azaldylar.

Olimpiýa oýunlaryny yza süýşürmek baradaky karar kabul edilmezden ozal, Olimpiýa oýunlarynyň alawy Gresiýadna Ýaponiýa getirilipdi. Ol ýurduň Olimpiýa stadionynyň golaýyndkay muzeýda saklanýar.

Habarçylar we alawy göterijilere alawyň geçýän nokady barada öňünden habar bermek gadagan edildi.

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri