SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda otly gatnawlarynyň çäklendirmeleri 31-nji iýula çenli uzaldyldy

«Türkmendemirýollary» agentligi öz resmi saýtynda Türkmenistanyň çägindäki otly gatnawlary boýunça çäklendirmeleriň 31-nji iýula çenli uzaldylandygyny habar berdi.

Mundan ozal resmi saýtda ýurduň içindäki otly gatnawlarynyň 16 ― 23-nji iýul aralygynda çäklendirilýändigini habar berlipdi. Şeýlelikde, agentlik bu çäklendirmäni ýene-de bir hepde uzaltdy.

Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen bagly Türkmenistanda şu günler birnäçe çäklendirmeler girizildi. «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan şu günler şäherara awtobus gatnawlarynyň hem ýatyrylandygyny ýatladýarys.

Related posts

Gazagystan pişikler üçin COVID-19 sanjymyny öndürýar

COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymyň gerekli gory döredildi

Aşgabadyň Halkara howa menzili multimediýa ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar