SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

COVID-19 sanjymynyň ygtybarlydygy mälim edildi

Oksford uniwersiteti tarapyndan kliniki barlaglary dowam edýän COVID-19 sanjymynyň ygtybarlydygy hem-de immunitet ulgamyny goldaýandygy mälim edildi.

Oksford uniwersitetiniň beren beýanatyna görä, Oksford uniwersitetiniň Jenner instituty we Oksford sanjym topary bilen hyzmatdaşlykda COVID-19 ýokanjyna garşy ygtybarly we täsirli sanjym tapmak üçin möhüm ädimiň ädilendigi bellenildi. Mümkin bolan COVID-19 sanjymynyň 14 günüň içinde “T” öýjügine we 28 günüň içinde antikorlara jogap berendigi habar berildi.

23-nji aprelden 21-nji maý aralygynda takmynan 77 meýletinçide geçirilen synaglarda COVID-19 sanjymynyň SARS-Cov-2 wirusyna garşy göreşip biljek antikorlary öndürendigi mälim edildi.

Immun ulgamyny goldaýan we ygtybarlydygy bellenilen sanjymyň doly derejede gorajakdygyny aýtmakdan entek irräkdigi we synaglaryň dowam edýändigi bellenilip geçildi.

Oksford uniwersitetinde sanjym işlerine ýolbaşçylyk edýän professor Endrýu Pollard sanjymyň 1-nji we 2-nji tapgyrlarda alan maglumatlarynda ygtybarlydygy we garaşylmadyk reaksiýalary görmändiklerini aýtdy.

Oksford uniwersitetiniň sanjymynyň üstünlikli bolmagy ýagdaýynda onda “AstraZeneca” derman firmasy bu sanjymyň önümçiligini we ýaýradylmagyny amala aşyrar.

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabynda beren beýanatynda sanjymy taýýarlamak babatda möhüm bir tapgyra ýetilendigini we munuň ajaýyp habardygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri