SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki geldi

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu barada düýn geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň netijelerine boýunça  brifingde aýdyldy we ýükleriň gelip gowşy barada wideo rolikde görkezildi.

Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ynsanperwer ýükleriň içinde wirus ýokanjyndan goranyş serişdeleri — lukmançylyk örtükleriniň 320 müňüsi, respiratorlaryň 130 müňüsi, ýüz örtükleriniň 88 müňden gowragy, äýnekleriň 18 müňden gowragy hem-de halatlaryň 12 müňden gowragy bar. Bu serişdeler ýiti pnewmoniýany döredýän ýokanç keselinden goranmak üçin zerurlygyň ýüze çykan halatynda hünärmenleriň peýdalanmagy üçin lukmançylyk edaralaryna gowşurylar hem-de paýlanylar.

Bu hoşniýetli çäre BSGG-niň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de maý aýynda tassyklan ýurdumyzyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de dessin täsir etmek boýunça çäreleri kabul etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny goldamagyň çäklerinde ösdürmäge bolan islegi bilen şertlendirilendir.

Halkara ynsanperwerlik ýüküň ýany bilen gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä halklarynyň arasynda ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi aýratyn möhüm bolup durýar. Bu waka adamzadyň saglygyna wehim salýan howpa garşy bilelikde göreşmegiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň pandemiýa garşy göreşmekde tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, özüniň hem döwletleriň birnäçesine ýardam edýändigi bellenildi.

Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň COVID — 19-a garşy göreşmek maksady bilen geçirilýän ýokary derejeli forumlara işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Hususan-da, 2020-nji ýylyň maýynda milli Liderimiz Goşulmazlyk hereketiniň sammitinde ylmy diplomatiýany ilerletmek başlangyjy bilen çykyş edip, Alym-lukmanlaryň halkara geňeşini döretmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktorynyň adyna iberen hatynda beýan edilen, görülýän öňüni alyş çäreleriň toplumy hakynda maglumat biziň ýurdumyzyň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki tagallalara goşandynyň ähmiýetli mysallarynyň biri bolup durýar.

Ozal habar berlişi ýaly, BMG-niň resmi dilleriniň altysynda çap edilen şol hat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda howply ýokanjyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça anyk çäreler döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Hususan-da, ady agzalan milli meýilnama bilen bir hatarda degişli dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen bilelikde üçünji milli meýilnamany işläp taýýarlamaga girişýär. Bu resminama COVID — 19-a garşy göreşmek boýunça ýurdumyzyň görýän çäreleriniň ynsanperwer bölegini gurşap alýar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    bu brifinge gatnaşdy we brifingiň netijeleri boýunça giňişleýin habarlary size ýetirýär.

Degişli iň täze habarlar

Iň Täze Habar COVID19: Türkmenistanda waka hasaba alynmady

COVID 19: Türkmenistan’da vaka saptanmady

DSÖ, koronavirüs girişini önlemek için alınan tüm önlemleri onaylıyor

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

Туркменистан – единственная страна где не зарегистрировано случая заболевания вызванного COVID-19

Turkmenistan where no cases of diseases evolved from the COVID-19 were registered

 

Paylaşılan Sosyal Medya Hesaplarımız:

Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :

https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Resmi  Facebook Hesabımız için  :

https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/

Resmi Instagram Hesabımız için :

https://www.instagram.com/atavatanturkmenistan/

IMO +993 65 80 24 70

Beýleki habarlar

Koronawirus ýokanjy (COVID-19) näme?

COVID 19 haýsy üstlerde näçe wagt saklanýar?

COVID-19 barada biz nämeleri bilýäris?

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bildirişi

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: Maska dakmak we howpsuz aralygy saklamak

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bildirişi

Otly gatnawlary wagtlaýyn duruzulýar

Türkiye-Türkmenistan uçuşlar başlıyor mu?’

Türkmenistan-Türkiýe uçuşlary haçan başlaýar

«Altyn asyr» Gündogar bazarynyň işi wagtlaýyn çäklendirilýär

Türkmenistan: Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy

Ukraina Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmäge ymtylýar

Wirusa garşy derman serişdeleri satyn alynar

Пресс-Релиз :Коронавирус

Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini (maska) ullanmak

COVID19 : Aşgabatda BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti bilen gepleşikler

Immuniteti ýokarlandyrmagyň tebigy usullary

Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak

Ýene-de okaň

Özbegistan Germaniýa hünär kämilleşdirmek üçin 800 şepagat uýasy iberer

Türkmenistanyň awiasiýasy hünärmenleriniň hünär derejesi ýokarlandyrylar

BSGG maýmyn mama keseline garşy ilkinji waksinany tassyklady

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda şäherara awtobuslaryň petegini onlaýn satyn almak hyzmaty kämilleşdirildi

“Skytaxi” kompaniýasynyň ýük uçary Türkmenistana ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

Türkiýäniň syýahatçylyk meýilnamasy: 60 million syýahatçy