JEMGYÝET

12 müň 200 dollarlyk üzüm

Her bir dänäsi stoluň üstünde oýnalýan tennis topy ululygynda bolan Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirilýän “Ruby Roman” üzümi rekord bahadan satyldy. Bu üzüm görnüşiniň bir hoşa üçin Ýaponiýanyň myhmanhanalarynyň biri 12 müň 200 dollar hödürledi.

Ýokary hilli gyzyl reňkli üzümiň ýetişýän möwsüminde söwda-satuwy amala aşyrylýar. Şondan iň köp nyrh hödürleýän taraplar bu üzümi satyn alýar. Ýaponiýanyň meşhur üzüminiň bir hoşasy üçin geçirilen söwda-satuwy gyzykly geçdi.

Myhmanhananyň wekili Mitsataka Sakamoto täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy göreş alnyp barylýan döwürde oba hojalyk önümlerini öndürijilere goldaw bermek maksady bilen iň ýokary bahany teklip edendiklerini mälim etdi.

Related posts

9 ýurduň işewürleri bilen işewürlik forumlary geçirildi

Uluslararası Ahalteke Atçılık Birliği toplantısı yapıldı

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk Hereketiniň Sammitine Gatnaşýar

vepa