JEMGYÝET

9 ýurduň işewürleri bilen işewürlik forumlary geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly aragatnaşyk boýunça nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda şu ýylyň 8 aýynda aýry-aýry pudaklar boýunça gazanylan üstünlikler barada durlup geçildi.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň şu ýylyň 8 aýynda eden işleri barada hasabat berildi. Hasabatlardan görnüşi ýaly, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda netijeli çäreler görülýär. Ýanwar-awgusta aýlarynda ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň we beýleki degişli düzümleriň nobatdaky mejlisleriniň birnäçesi geçirildi. Şonuň bilen birlikde Wengriýanyň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Owganystanyň we Russiýanyň işewür düzümleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik forumlary geçirildi.

Türkmenistanyň diplomatik gullugyň maliýe meseleleri, Türkmenistanyň konsullyklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakyndaky kararlaryň taslamalary hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz dürli halkara çärelerini geçirmek, Türkmenistanyň olara gatnaşmagy baradaky teklipleri bermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz hödürlenen kararlara gol çekdi.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri