TEHNOLOGIÝA

“Audi” täze modeli bilen tanyşdyrdy

“Audi” kompaniýasy indi ençeme ýyl bäri özüniň döwrebap ulaglaryny sürüjilere yzygiderli hödürleýär. Ynha, indi kompaniýa dünýäde iň isleg bildirilýän elektrik ulagynyň hem birnäçe görnüşini öndürdi.

Kompaniýa indiki ýyl täze “Q4 E-Tron” elektrik awtoulagyny ulanyjylara ýetirer. Onuň bahasy 45 müň amerikan dollaryndan başlar. Onuň tizligi sagatda 300 kilometre barabardyr. Dizaýn taýdan beýleki ulaglardan tapawutlanýan bu elektrik ulag doly zarýatda 450 kilometr geçmäge ukyplydyr.

Bu awtoulag dürli reňkler bilen müşderilere ýetiriler. “Q4 E-Tron” elektrik awtoulagy indiki ýyldan başlap dünýä bazarynda satuwa çykar.

Related posts

“Real Madridiň” futbolçylaryna elektrikli ulag sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýda internet ulanyjylarynyň sany 1,12 milliarddan geçdi

“Volvo” elektrik awtoulag öndürijisi bolmak isleýär