SPORT

Grizmann “Barselonada” galýar

Antuan Grizmanyň başga topara geçip biljekdigi baradaky habar jemgyýetçilik torlarynda ýaýrandygyna garamazdan indi futbolçynyň indiki möwsümde anyk “Barselona” toparynda oýnajakdygy mälim edildi.

Antuan Grizmann “Barselona” toparynda indiki möwsümde hem oýnar. Antuan Grizmann bu möwsümde toparyň 44 oýnuna gatnaşyp, jemi 15 gol 4 assist geçirmegi başardy.

Grizmann 2019-njy ýylyň tomsunda “Atletikadan” 120 million ýewro bilen “Barselona” toparyna transfer edildi. Geçen möwsüm ol Ispaniýanyň çempionatynda 26 oýun oýnap, 8 pökgi geçirdi. Fransuz milli ýygyndysynyň düzüminde 29 ýaşly hüjümçi 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen “Dünýä çempionatynda” dünýä çempiony boldy.

 

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder