TEHNOLOGIÝA

Iň täze oýun kompýuteri bolar

Hytaý metbugatynyň habar bermegine görä, “Huawei” we “Honor” bilelikde oýun üçin niýetlenen kompýuterleri öndürmegi maksat edinýärler. Olar täze kompýuterleriň hemme içki ulgamynyň taýýardygyny hem mälim etdiler. Indi “Huawei” we “Honor”  haýal etmän oýun kompýuterlerini öndürip dünýä bazaryna çykarar. Olar bilelikde işlän täze kompýuterleri indiki aýda ýagny awgust aýynda satuwa çykarar.

Ýakynda hyzmatdaşlar tarapyndan müşderilere ýetiriljek kompýuterler beýleki oýun kompýuterlerinden tapawutlanar. Täze kompýuterlere 10-njy nesil bolan “Intel Core H” prosessorlary we “AMD Ryzen 4000H” prosessorlary, şeýle hem G”eForce RTX 20” wideo kartasy girip biler.

Related posts

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Ýeriň gara gutusy dörediler

“WhatsApp” öz wideo jañ çägini artdyrdy

Ata Watan Eserleri