TEHNOLOGIÝA

“Panasonic” täze gulaklygyny tanyşdyrar

“Panasonic” kompaniýasy özüniň täze “RZ-S300W” atly täze görnüşli gulaklyklaryny alyjylara ýetirýär. “RZ-S300W” ady bilen tanyşdyrylan gulaklyklaryň üç görnüşi bar. Olaryň ählisi hem müşderileri kanagatlandyrjak hyzmatlar birikdirilen. Ýagny gulaklyklaryň ähli görnüşinde hem “batly ritm”, haçan-da telefonda gürleşeniňde bolsa dury ses bilen gürleşmek bolýar. Mundan başga-da gulaklyklaryň 7,5 sagat batareýa ömri bilen hyzmat eder. Onuň bahasy 180 amerikan dollaryna barabardyr.

Bu gulaklyklar älemgoşar öwüşginlerini ýada salýan dürli reňkler bilen alyjylara ýetiriler.  Ýöne gulaklyklaryň ilkinji tapgyry diňe ak we gara reňklerde satuwa çykar.

Related posts

“YouTuber”-ler aýda näçe pul gazanýar? “YouTube” -da özüne çekiji mazmun nädip öndürmeli?

Ata Watan Eserleri

Altyndan ýasalan “iPhone”

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri