JEMGYÝET

1-nji iýul Halkara degişme güni

Ýylyň ikinji ýarymynyň başlaýan ilkinji güni, ýagny her ýylyň 1-nji iýuly Halkara degişme güni dünýäniň dürli künjeklerinde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk uly baýramçylyk bolmasada, dünýäde iň meşhur şanly seneleriň biridir. Çünki bu günde adamyň şähdini açýan degişmelere aýratyn orun berilýär.

Bu baýramçylyk ilkinji gezek 1994-nji ýylda bellenilip başlaýar. Soňra kem-kemden dünýä ýaýrap, indi çärýek asyr bäri bellenilip gelinýär.

Bu senede pikir alyşýan adamlaryň bilen açyk asmanda şüweleň gurap, geçmişdäki süýji ýatlamalary ýatlamak has-da ýakymly bolýar. Bulardan başga-da adamlar bu senede öz ýakynlaryna degişme kitaplaryny sowgat edýärler.

Bilermenleriň bellemeklerine görä, kiçi ýaşdaky çagalar günüň dowamynda 200-300 gezek gülýärler. Emma uly ýaşdakylar günüň dowamynda 4-20 gezek gülýärler.

Bu sene hem iň bolmanda ynsan ýylda 1-je gün hem bolsa, köpräk gülmegi, gündelik gam-gussadyr aladalardan saplanyp şähdini açmagy üçin döredildi.

 

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri