JEMGYÝET

Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

Dürli medeni çäreleriň, şol sanda Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna we Täze ýyla bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi bellenildi.

10-njy dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Dünýä dursun parahat!» atly türkmen aýdymyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.

Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklary ýakmak çäresi bilen başlanar. Bu arça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany bezär. Şol dabaralar tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylar. Estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler. Täze ýyla bagyşlanan esasy dabaralar 31-nji dekabrda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň we «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki meýdançalarda geçiriler. Şolarda Täze ýyl baýramy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleri guralar. Paýtagtymyzy we Diýarymyzyň sebitlerini Täze ýyl teleköprüsi baglanyşdyrar.

 

Täze dokma toplumy işe giriziler

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady