SPORT

Pýaniç indi haýsy toparda oýnar

“Barselona” we “Ýuwentus” toparlary transfer hakynda özara şertnama baglaşdylar. Şertnama laýyklykda, “Ýuwentus” toparynyň oýunçysy Miralem Pýaniç “Barselona” toparyna 60 million ýewro bilen transfer edildi. Mundan beýläk Miralem Pýaniç geljek dört möwsüm “Barselona” toparynyň köýnekçesi bilen çykyş eder.

1990-njy ýylyň 2-nji aprelinde Tuzlada doglan Miralem Pýaniç “Ýuwentus” toparynyň esasy agzalarynyň biridir. Ussat oýunçy öz karýerasyna 2007-nji ýylda Metzde fransuz futbolynda başlady. Pýaniç futbol dünýäsinde gysga wagtyň içinde özüni tanatmagy başardy. Indi oýunçy 2023-2024-nji ýylyň ahyrky möwsümine çenli “Barselona” toparynda oýnar.

Related posts

UEFA 2020-nji ýylyň nusgalyk düzümini yglan etdi

Messi hem koronawirus boldy

Ata Watan Eserleri

3 ýaşly hindi küştçi FIDE-niň iň ýaş küştçisi boldy