SPORT

3 ýaşly hindi küştçi FIDE-niň iň ýaş küştçisi boldy

Hindistanly Aniş Sarkar Halkara Küşt Federasiýasynyň (FIDE) iň ýaş küştçisi boldy. Ýaş türgen 2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda dünýä indi.

Ýaş hindi küştçisi FIDE-niň reýtinginde 1555-nji orny eýeleýär. FIDE-niň düzgünlerine görä, türgen reýtingli küştçiler bilen azyndan 5 döw küşt oýnap, azyndan 1/2 bal almalydyr.
Oktýabr aýynda Aniş Sarkar 9 ýaşa çenli küştçileriň kategoriýasynda reýting ýaryşynda çykyş etdi. Ol bu ýaryşda 5.5 bal alyň, 140 küştçiniň arasynda 24-nji orny eýeledi. 2023-nji ýylda FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi başga bir hindistanly 5 ýaşyndaky türgen Tejas Tiwari bolupdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy