DÜNÝÄ

Prezident Ärdogan Sadyr Žaparowa “Togg” kysymly awtoulag sowgat berdi

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baştutanlarynyň 11-nji sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Türkiýede öndürilýän “Togg” kysymly elektrikli awtoulagy sowgat berdi.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow “Yntymak Ordo” atly täze döwlet baştutanlygynyň köşgünde ilkinjileriň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany kabul etdi.

Bu ýerde geçirilen gepleşiklerden soňra Prezident Ärdogan gyrgyz kärdeşine ak reňkli elektrikli awtoulag sowgat berdi.

Taraplar Gyrgyzystan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygyny bäş milliard dollara çenli ýokarlandyrmak, ýurtlaryň arasyndaky söwdany güýçlendirmek we Gyrgyzystanyň harytlaryny eksport etmegiň tertibini ýönekeýleşdirmek barada ylalaşdylar. Mundan başga-da, ýurtlar bilim pudagynda işini dowam etdirmäge taýýardyr.

Related posts

Pakistanyň Senatynyň Başlygynyň Türkmenistana sapary

Jakarta dünýäniň iň uly megapolisi boldy

Azerbaýjan Özbegistanyň syýahatçylyk pudagyna 5 milliard dollar maýa goýar

Ata Watan Eserleri