DÜNÝÄ

Katar dünýä çempionatyna taýýarlanýar

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionaty üçin gurlan üçünji stadionyň açylyş dabarasy geçirildi. “Gulf Times” neşiriniň habaryna görä, dünýä çempionatyny ýokary derejede guramak üçin gurlan 3-nji stadion 40 müň tomaşaça niýetlendi. “Education City Stadium” futbol meýdançasy uniwersitet şäherçesiniň merkezine öwrüler.

– Şu gün biz koronawirus ýokanjy sebäpli aradan çykanlary ýatlaýarys hem-de ejir çekýänlere goldaw sözlerini beýan edýäris. Işçileriň zähmetiniň miwesi bolan stadionyň açylmagy, şeýle kyn döwürde çydamlylygyň ajaýyp mysalydyr – diýip, Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçysy Janni Infantino belläp geçdi.

Mälim bolşuna görä, mundan ozal Doha şäherinde “Halifa” we Al-Wakra şäherinde “Al-Janub” stadionlary ulanmaga berildi. Bu sport meýdançalary 40 müň tomaşaçy kabul edýär. Çempionat üçin 7 şäherde 8 stadion gurlar. Futbol çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry-18-nji dekabry aralygynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy