SPORT

Messi täze rekord bilen gaýdyp geldi

Ispaniýanyň «Barselona» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi koronawirus ýokanjy sebäpli wagtlaýynça ýatyrylyp, täzeden başlanan çempionatyň 28-nji tapgyrynda «Malýorka» topary bilen geçirilen duşuşykda bir gezek tapawutlanyp, 2 gezek hem gol pasyny berdi.

Duşuşyk 4:0 hasabynda “Barselonanyň” peýdasyna tamamlandy. Messi ýene-de bir rekordyň eýesi boldy. Ol yzygiderli 12 möwsümden bäri azyndan 20 pökgi geçirip, “La Liganyň” taryhynda uly üstünligiň eýesi boldy.

Messi bu duşuşykda 20-nji goluny geçirdi. Ol bu üstünlige 23 duşuşykda ýetdi.

Ýene-de okaň

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy