MEDENIÝET

Gyrgyzystan bilen Türkiýe bilelikde çeper film surata düşürer

Gyrgyzystan bilen Türkiýe bilelikde kino we serial surata düşürmegi maksat edinýär. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksutow habarçylara beren beýanatynda habar berdi.

Onuň bellemegine görä, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gyrgyzystana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde iki ýurduň arasynda audio-wizual işler boýunça şertnama gol çekildi.

Ministr her ýyl ýurduň kino sungatyny ösdürmek üçin goýberilýän serişdeleriniň möçberiniň artýandygyny belledi. 2023-nji ýylda kinolary maliýeleşdirmäge goýberilen maliýe serişdeleri 10 esse artyp, 345 milliondan 1 milliard soma deň boldy.

2025-nji ýylda ýurtda filmleri we seriallary surata düşürmek üçin degişli pawilýonlar dörediler. Bu ugurda Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk ediler we tejribeler paýlaşylar. Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasy öndürýän kinolary we seriallary bilen meşhurdyr.

Related posts

Jony türkmen muşdaklarynda ýakymly ýatlamalar galdyrdy

Ata Watan Eserleri

“Türkmengazet” saýty bäsleşik yglan edýär

Ata Watan Eserleri

«Çoganly» ýaşaýyş toplumynda döwrebap jaýlar açyldy