DÜNÝÄ

Türkiýä Gyrgyzystanyň bergisini geçdi

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 11-nji sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrýan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Gyrgyzystanyň daşary bergisini geçdi. Munuň üsti “ýaşyl energetika” taslamalary bilen dowam etdiriler.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow munuň üçin Türkiýäniň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi. Resmi maglumata görä, Gyrgyzystanyň daşary bergisi 58.9 million dollara deňdir.

Bişkekde geçirilen ýokary derejedäki gyrgyz-türk gepleşikleriniň jemleri boýunça 19 resminama gol çekildi. Iki ýurduň arasynda energetika, migrasiýa, howpsuzlyk ýaly köp sanly ugurlarda hyzmatdaşlyklar göz öňünde tutuldy.

2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 2 milliard dollara golaýlady. Bu görkezijini 5 milliard dollara ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem türk gurluşyk kompaniýalarynyň Gyrgyzystanda umumy bahasy 1 milliard dollara barabar bolan 90 taslama durmuşa geçirildi.

Türkiýe Respublikasy Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine maýa goýan öňdebayrjy 5 ýurduň biridir.

Bişkekdäki gepleşikleriň ahyrynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany “Manas” ordeni bilen sylaglady.

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy