SPORT

Artur “Barselonany” terk etdi

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň resmi web saýty Arturyň 72 million ýewro bilen bilelikde 10 million ýewro bonus bahasy bilen “Ýuwentus” toparyna transfer bolandygyny mälim etdi. 23 ýaşyndaky braziliýaly ýarymgoragçy möwsümiň ahyrynda italiýa toparyna goşular. Artur 2018-nji ýylyň ýazynda “Gremio” toparyndan “Barselona” toparyna 32 million ýewro transfer bolupdy.

Artur täze goşulan “Ýuwentus” toparyna jemgyýetçilik torlarynda şeýle teswiri paýlaşdy.

— “Ýuwentusyň” meni öz toparyna getirmek üçin eden köp tagallasy üçin sag bolsun aýdýaryn. Uly kluba goşulýandygymy örän şat we bilelikde uly üstünlikleri gazanarys — diýip, aýdýar.

Related posts

Entoni Joşua – Kubrat Pulew tutluşygy

Ata Watan Eserleri

“Formula 1”-iň indiki duralgasy Russiýa bolar

Braziliýada 50 ýyldan soňra täze çempion