BIZNES

Halkara maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabr aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Bu maksatnamany toplumlaýyn esasda durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara maliýe guramalary we bank edaralary, şol sanda Bütindünýä banky we onuň düzümine girýän Halkara maliýe korporasiýasy, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hem-de Yslam ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, taslamalara, hususan-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kärhanalar tarapyndan oba hojalyk hem-de azyk önümçiligi ulgamyndaky taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça netijeli çäreler görülýär.

Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we täze derejä çykarmak üçin ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň gatnaşmagynda degişli strategiýany işläp taýýarlamaga girişmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şol maksatnama bolsa gyzyklanma bildirýän daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler