SPORT

Türkmenistan bilen Gazagystan sport hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we sport wise-ministri S.Musaýbekowyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirildi.

Gepleşige Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we iki ýurduň Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylary çagyryldy. Onda sport ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki ugurlaryna hem-de Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň meselelerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Halkara ölçeglerine gabat gelýän döwrebap köpugurly stadionlaryň we beýleki möhüm sport desgalarynyň gurluşygy boýunça ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça tejribe alyşmagyň, iki dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy