SPORT

Çempionat derbi duşuşygy bilen badalga alar

“La Liganyñ” ýolbaşçylary Ispaniýa çempionatynyñ galan ýerinden täzeden başlanjakdygyny mälim etdi. Futbol möwsümi 12-nji iýunda başlanar. Ilkinji oýun 28-nji tapgyrda “Sewilýa-Betis” arasyndaky derbi oýun bolar. Şeýle hem Ispaniýanyñ tamamlanjak senesi hem belli boldy, bu iýul aýynyñ 19-na bolar. Islendik bir topar özüniñ oýunlaryny her 72 sagatdan geçirer. La Liga galan oýunlarynyñ senenamasyny jemlär we 28-nji maýda ony ähli toparlara tanyşdyrar.

“La Liga” häzirki wagtda oýunlary geçirmek üçin Ispaniýanyñ Saglygy goraýyş ministrliginden rugsat almagy meýilleşdirýär. Oýunlar her gün geçirilip bilner, yssy howa sebäpli ýurduñ demirgazygyndaky oýunlar ýerli wagt bilen 20:00-da, günortada bolsa 23:00-da başlap bilner. Koronawirus pandemiýasy sebäpli Ispaniýanyñ çempionaty wagtlaýyn saklanypdy.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri