TEHNOLOGIÝA

“Realme” kompaniýasynyň täze önümleri

Hytaýyñ belli “Realme” kompaniýasy satuwa özüniñ täze 8 önümini hödürlemek isleýär. Önümleriñ resmi tanyşdyrylyşy 25-nji maýda geçiriler. Bu tanyşdyrylyş onlaýn geçiriler. Köpçülige hödürlenjek täze önümleriñ biri “Blade Runner” atly akylly telefon bolar. Soñra bolsa 1,4 dýumly “Realme Watch” akylly sagady çykar. Şeýle hem maý aýynyñ soñunda ulanyjylar 43 dýuýmly “Realme TV” telewizorynyñ çykmagyna garaşýarlar.

Bu dabarada “Realme X3 SuperZoom” akylly telefony hem tanyşdyrylar. Telefonda “Snapdragon 855 Plus” ýerleşdiriler we onuñ batareýasy 4200 Am barabar bolar. “Realme” birnäçe dürli önümlerini, şol sanda kabelsiz gulaklygyny hem hödürlär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler