SIZDEN GELENLER

Ösümlikler hakynda gyzykly maglumatlar

  • Bambuk agajy her gije-gündizde ençeme santimetr ösýär.
  • Braziliýada süýt agajy bar. Şol agaja tyg degirseň, ondan süýt syzylyp başlaýar. Ondan her gezekde 4 litre çenli süýt alyp bolýar. Ony suwa garyp, otda gaýnadyp içýärler.
  • Polineziýada ysmanak agajy ösýär. Onuň ýapraklaryny iýmit üçin ulanýarlar.
  • Dünýädäki iň ýogyn agajyň diametri 8 metre barabar. Kaliforniýada ösýän şol agaç dünýädäki iň beýik daragt hökmünde hem bellidir.
  • Bir daragtdan ortaça 170 müň galam ýasap bolýar.
  • Dub, sosna, arça agaçlaryny köplenç ýyldyrym urýar. Derek agajyny bolsa hiç wagt ýyldyrym urmaýar.
  • Ýer ýüzünde ösümlikleriň 375 müňüsi bar. Olaryň 250 müňüsi gülli ösümliklerdir.

  • Günorta Afrikada ösýän käbir ýabany injirleriň köki 120 metre çenli çuňluga uzalyp gidýär. Munuň özi 30 gatly bina barabardyr.
  • Bir daragt ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod öndürýär. Ol 3 adamdan ybarat maşgala bir ýylyň dowamynda ýeterlik bolýar.
  • “Ceratonia” ady bilen belli bolan ösümligiň hemme tohumlarynyň agramy bir meňzeşdir (0,2 gram). Şonuň üçin gadymy döwürlerde zergärler ony çekuw daşy hökmünde ulanypdyrlar. Şol ölçeg birligi karat diýip atlandyrylypdyr.
  • Maglumatlarda aýdylyşy ýaly, dünýäde kömelegiň 2 million töweregi görnüşiniň bardygy hasaba alnypdyr.
  • Her bir kömelegiň düzüminiň 90 göterimi suwdan ybaratdyr.
  • Dünýäde ilkinji antibiotik (penisillin) kömelekden alnypdyr.

  • Dünýädäki iň gadymy ösümlik deňiz suwotylarydyr. Olaryň bardygy müň ýyl bäri bellidir.
  • “Arabidopsis” kosmos giňişliginde güllän ilkinji ösümlikdir. Ol Russiýa Federasiýasynyň “Salýut-7” kosmiki bekedinde idedilip, şol ýerde hem gülläpdir.
  • Adam öz ömrüniň dowamynda medeni ösümlikleriň 1500 görnüşini ulanýar.
  • Amazonkada duş gelýän suw liliýalary ýapraklarynyň ululygy bilen tapawutlanýarlar. Ýapraklarynyň her biriniň ölçegi 2 metre ýetip, olar hatda çagajygy hem götermäge ukyplydyr.
  • Hytaýyň günortasynda duşýan bambuk agajynyň bir görnüşi çalt ösýänligi bilen tapawutlanýar. Bir aýyň dowamynda onuň beýikligi 30 metre barabar bolýar.

 

 Humaý ÇARYÝEWA

Türkmen oba hojalyk

institutynyň mugallymy

 

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat