JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary H.Aliýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk onlaýn-görnüşinde geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde gorlary peýdalanmak we özarahereket etmek ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gepleşikleriň çäklerinde öň gazanylan ylalaşyklaryň çarçuwasynda iki ýurduň arasyndaky ylmy-barlag hem-de innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine hem seredilip geçildi.

Taraplar 2019-njy ýylda Türkmenistanda Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler. Bu çäräniň hazarýaka döwletleriniň söwda-ykdysady, ekologiki we ulag ulgamlarynda tagallalaryny utgaşdyrmaga taýýarlyklarynyň subutnamasy bolandygy aýratyn nygtaldy.

Taraplar şeýle-de hazarýaka döwletleriniň ählisi tarapyndan Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça köpugurly hyzmatdaşlygyň esas goýujy hukuk binýady bolup çykyş edýän Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň derwaýys häsiýete eýe bolandygyny hem belläp geçdiler.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri