DÜNÝÄJEMGYÝET

«Nike» kompaniýasyndan haýyr-sahawat

«Nike» kompaniýasy saglygy goraýyş pudagynyň işgärlerine 30 müň sany aýakgap haýyr-sahawat eder. Bu aýakgaplar özboluşly dizaýn aýratynlygy bilen tapawutlanar. Ýokary hilli aýakgaplar ABŞ-nyň dürli künjeklerinde ýerleşýän hassahanalarda zähmet çekýän lukmanlara we hünärmenlere ýetiriler. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri kompaniýanyň eden ýardamy üçin hoşallyk bildirdiler. «Nike» kompaniýasy Ýewropa yklymynyň çäklerindäki iri hassahanalara hem özleriniň ýardamyny ýetirjekdigini habar berdi. Kompaniýanyň habar bermegine görä, «Nike» kompaniýasynyň gaznasy koronowirus üçin göreşýänlere 25 million amerikan dollardan gowrak möçberde gerekli serişde kömek etdi.

Related posts

Hazarda bekre balyklaryň tutulmagy babatda çözgüt kabul edildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada saparda bolar

Ugandanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine girişdi