SPORT

44 gün tälimçilik etdi

Horwat Igor Tudor özara ylalaşyk esasynda Angliýanyň “Tottenhem” futbol klubynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.

Horwat tälimçiniň “Tottenhem” bilen iň soňky duşuşygy 22-nji martda boldy. Şonda Londonlylar Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 31-nji tapgyrynda “Nottingemden” (0:3) ýeňildiler.

“Tudoryň klubdan gidýändigi barada özara ylalaşyga gelendigimizi tassyklaýarys. Igora soňky alty hepde bäri bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirýäris” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Tudor iňlis klubuna 2026-njy ýylyň 14-nji fewralynda bellenipdi we bary-ýogy 44 gün işledi. Onuň ýolbaşçylygynda topar ýedi oýun geçirip, şolarda bir ýeňiş gazandy, bir gezek deňme-deň oýnady we bäş gezek ýeňildi.

Häzirki wagtda “Tottenhem” Angliýanyň çempionatynda 31 oýunda 30 utuk bilen 17-nji orunda durýar.

Ýene-de okaň

Enso Mareska Angliýanyň «Mançester Siti» toparynyň baş tälimçisi boldy

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy